Hormatly Prezidentimiz dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşdy

25 Aprel 2022
1326

Aşgabat, 23-nji aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy.

Bu duşuşyk köptaraplaýyn pikir alyşmak, suw meselesini ara alyp maslahatlaşyp hem-de hyzmatdaşlyk edip, bu möhüm ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljekki nesil” diýen ugra bagyşlanyp, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryňdyr sebitiň iri halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekillerini bir ýere jemledi.

www.tdh.gov.tm