Işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn netijesi

24 Aprel 2022
931

23-nji aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.

ÝUNESKO-nyň Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmeginiň, äkidilmeginiň we eýeçilik hukugynyň geçirilmeginiň gadagan edilmegine hem-de öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler baradaky Konwensiýasyny tassyklamak bilen bagly mesele boýunça çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň bu halkara resminamany tassyklamak baradaky degişli Karary kabul etmeginiň ähmiýetini bellediler.

«Mugallymlar gazeti».