Wodorod energiýasyna geçmekde halkara başlangyçlaryndan ugur alynýar

18 Aprel 2022
800

Häzirki wagtda ozon gatlagyny goramak babatda pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işlere uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamynda halkara başlangyçlardan ugur alnyp, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022—2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» tassyklanyldy.

Resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar. Bu babatda biziň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde Wodorod energiýasy boýunça merkez döredildi. Bu merkeziň esasy maksatlarynyň biri wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça ýurdumyzda hünärmenleri, synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamakdan ybarat. Onda dürli çäreler, hususan-da:

Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.