Pudagara toparyň mejlisi

18 Aprel 2022
808

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine pudagara toparyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler baradaky meseleler girizildi.

Hasabat döwründe döwletliligi pugtalandyrmaga, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Hukuk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de adam hukuklary we azatlyklary babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň doly amala aşyrylmagy, hereket etmegiň degişli milli maksatnamalarynyňdyr meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň has giň gerime we netijeli häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy.