Türkmenistan — Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

15 Aprel 2022
787

13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Taraplar ýurtlarymyzyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Döwlet Baştutanymyz himiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda tagallalary birleşdirmegiň oňyn netijelerini mysal hökmünde getirdi. Şeýle hem ýurdumyzda täze elektrik beketleriniň gurluşygynda Ýaponiýada işlenip taýýarlanylan ýokary tehnologiýalaryň we enjamlaryň giňden peýdalanylýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Günüň dogýan ýurdy bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, hormatly Prezidentimiz geljekde-de ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegine zerur goldawyň beriljekdigini aýtdy.

"Nesil".