Beýik işler döwrümiziň ýaraşygy

13 Aprel 2022
868

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň durmuşynda paýhasyň, ruhubelentligiň, zähmetsöýerligiň rowaçlanýan, döwletli tutumlar bilen galkynýan eýýam bolup täze taryhy bezeýär. Ýurdumyzda rowaçlanýan demokratik ýol-ýörelgeler, umumadamzat bähbidine gönükdirilen täze başlangyçlar, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň hatyrasyna amal edilýän maksatlar ähli halkymyzy guwandyrýar. 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly geçirilen ýyly hökmünde täze taryhyň altyn gatyna girdi. ösüşleriň täze tapgyryna gadam basyldy. Milletimiz ählihalk saýlawlarynda mizemez agzybirlik we jebislik görkezip, döwletimiziň ösüşiniň geljekki ýolunda möhüm ädim ätdi.

Ýakynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrmagy we hormatly Prezidentimiz bilen özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegi, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylmagy, olaryň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilmegi dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmanyň artýandygynyň güwäsidir. Däp bolan dostlukly gatnaşyklary türkmen we hindi halklarynyň bähbidine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigine şaýatlyk edýär.

Güljeren ÇARMANOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.