Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi

4 Aprel 2022
1775

Aşgabat, 2-nji aprel. Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk däp bolan dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygyny bellemeli.

www.tdh.gov.tm