Dost-doganlygyň aýdyň beýany

3 Aprel 2022
1003

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris. Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip belleýär. Munuň aýdyň subutnamasyny diplomatik gatnaşyklaryny 30 ýylyň dowamynda netijeli alyp barýan türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda görýäris.

Hormatly Arkadagymyz «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynda: «Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dostdur we möhüm hyzmatdaşdyr. Hindistan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny dünýäde ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir. Biz Hindistanyň ählumumy işlerde tapawutlandyrýan oňyn we oýlanyşykly syýasatyna, onuň dünýäde eýeleýän möhüm ornuna uly hormat goýmak bilen garaýarys» diýip belleýär.

Maral KULIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory.