Ýangyç-energetika: Türkmenistan — geljegi uly hyzmatdaş

31 Mart 2022
887

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» otelinde başlan iki günlük halkara forum düýn «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» ýaly degişli mowzuklar boýunça öz işini dowam etdi. Onda dünýäniň belli nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bu ugurda toplan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar. Halkara forum ýangyç-energetika pudagy boýunça türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň pikir hem-de tejribe alyşmagy babatda netijeli häsiýete eýe boldy. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Halkara çäräniň jemleýji gününde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.