Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny artýar

30 Mart 2022
802

Nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.