Täze Kararnama we abraýly düzüme agzalyk

29 Mart 2022
924

Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň beýanydyr

Düýn Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen brifing golaýda ýurdumyza gelip gowşan hoş habarlaryň ikisine — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegine hem-de şol mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlandy. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede bu möhüm wakalaryň ähmiýeti, täze taryhy döwürde milli diplomatik gullugyň öňünde durýan derwaýys wezipeler barada jikme-jik gürrüň edildi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».