Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

28 Mart 2022
774

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyny 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen döwletiniň Baştutany geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde Türkmenistanyň bu gurama synçy derejesinde kabul edilendigini aýdyp, munuň Türki Döwletleriň Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

"Nesil".