Giň hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat

28 Mart 2022
894

25-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa jogapkärli wezipede alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".