Geçen hepde «Plug Power» kompaniýasynyň paýnamalary oňyn ösüş gazandy. Söwdalaryň ýokarlanmagyna nebitiň we gazyň bahasynyň ýokarlanmagy hem-de ýaşyl energiýa bolan islegleriň artmagy itergi berdi.
Häzirki wagtda «Plug Power» dünýä bazarynda isleg tapyp biljek megawatt derejeli wodorod elektrik stansiýalaryny gurýar. Geçen hepde ýaşyl wodorodyň öndürilişini 200 müň tonna, wodorod ýangyç öýjükli awtoulaglarynyň sanyny 2025-nji ýyla çenli 50 müňe ýetirmek maksatnamasyny mälim etmegi kompaniýanyň söwdalaryna täsir etdi.