Dost-doganlygyň aýdyň beýany

27 Mart 2022
1019

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşyga mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem iri sebit guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

«Mugallymlar gazeti».