Geçen hepde dünýädäki iň uly plastik kartoçkalaryň biri bolan «Mastercard» «Buy Now, Pay Later» programmasy üçin hyzmatdaş kompaniýalarynyň täze sanawyny çykardy. «Mastercard»-yň hyzmatdaşlarynyň sanawynda dermanhana operatory «Walgreens Boots Alliance», «Cabela» hem-de egin-eşik öndüriji «Saks Fifth Avenue» we beýleki iri kompaniýalar bar. Ýeri gelende aýtsak, BNPL hyzmaty «Mastercard»-yň esasy ösüş hereketlendirijisidir.
Umuman, «Mastercard» soňky birnäçe ýylda häzirki ulanyjylaryň isleglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary üpjün etmäge taýýardygyny subut etdi.