«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ermeni dilinde

17 Mart 2022
1124

Kitabyň berýän lezzetini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Ata-babalarymyz kitap ýazýana, ony aýap saklaýana aýratyn hormat goýupdyrlar. Kitaplarda halkyň ýüregi bar, ol adamzadyň beýik ogullarynyň döreden dünýäsi. Halkymyzda akyl-paýhasyň açary, her bir ynsanyň ýakyn maslahatçysy hasaplanýan kitaba uly sarpa goýulýar. Çünki kitap okamak – dünýä akyl ýetirmekdir.

Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden kitaplarynyň gadyr-gymmaty uludyr. Olar bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Çuň many-mazmuna ýugrulan kitaplaryň her birinde türkmeniň ruhy dünýäsi, milli medeniýeti, sungaty, medeni gymmatlyklary, nusgalyk ýol-ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemeli. Çünki adyndan belli bolşy ýaly, bu kitap halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan döwletlilik ýörelgeleriniň mizemezligini, nusgalykdygyny äşgär edýär. Onuň doganlyk halklaryň dillerinde neşir edilmegi bolsa, türkmeniň nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň dünýä ýaýylmagydyr. Ýakynda bu ajaýyp eser ermeni dilinde çap edildi. Bu mynasybetli şu ýylyň  16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda onuň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

«Garagum»