Syýahatçylygy ösdürmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat

11 Mart 2022
899

Aşgabat, 10-njy mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahat Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy. Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar.

Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guran forumynyň baş maksady boldy.