Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

25 Fewral 2022
1057

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz bilen «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu gün «John Deere» we «Сase» kompaniýalarynyň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, «General Eleсtriс» kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, «Boeing» kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem-de azyk senagaty, ulag we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

"Nesil".