Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry

25 Fewral 2022
1182

Şu ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili gatnaşdy. Ol ýygnananlaryň ünsüni ýurdumyzyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasynyň esasy wezipelerine çekdi. Şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetiň önümçilik hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, işewürlik ýagdaýyny hem-de maýa goýum işini mundan beýläk-de gowulandyrmak bar.

Metbugat habarlary esasynda.