Awstriýa Respublikasy
Golaýda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Wenanyň Diplomatik akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly mowzukda «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Türkmen Lideriniň halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hökmünde öňe süren täze başlangyjyny wagyz etmegiň çäklerinde guralan çäre Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Wenada işleýän ilçilerdir halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.