Olimpiýa hereketine ygrarlylyk Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

17 Fewral 2022
918

Mähriban Arkadagymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde, ata Watanymyzyň sporty hil taýdan täze sepgitlere çykdy. Diýarymyzda ugurdaş düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär we giňeldilýär, türgenler hem-de olaryň tälimçileri üçin hemme şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz sebit we dünýä derejesindäki sport merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny ynamly pugtalandyrýar. Ýokary üstünlikli sporty höweslendirmek bilen bir hatarda, uzakmöhletli umumymilli maksatnamanyň häsiýetine we giň gerime eýe bolan milli bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär.

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň «ak» Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Diýarymyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.