Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilini kabul etdi

17 Fewral 2022
1393

Aşgabat, 16-njy fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

tdh.gov.tm