Türkmenistan — Hytaý: ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemäge täze itergi

8 Fewral 2022
1044

Mälim bolşy ýaly, fewral aýynyň 3 — 5-i aralygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça strategik hyzmatdaşymyz bolan dostlukly ýurda iş saparyny amala aşyrdy.

4-nji fewral güni milli Liderimiz Pekinde geçirilýän ХХIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Munuň özi ýurdumyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Galyberse-de Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, bu ugurdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde Olimpiýa hereketine ygrarly döwletdir. Sport diplomatiýasy döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki iş saparynyň özboluşly ähmiýeti bardyr.

Oguljahan Gurbanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.