«Amazon» kompaniýasy satyjysyz azyk dükanlaryny artdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle etmek bilen, kompaniýa öýde işleýän we daşarda syýahat edýän alyjylary özüne çekmegi maksat edýär. Şeýle dükanlar häzirki wagtda Nýu-Ýorkuň, Sietliň we Çikagonyň merkezi böleklerinde hereket edýär.
Satyjysyz dükanlarda müşderiler arkaýyn haryt saýlap, söwda ederler we köp wagt sarp etmezden, hasaplaşygy programmalar arkaly amala aşyrarlar.