«ChargePoint» holdingi Ýewropadaky stansiýalaryny artdyrýar

7 Fewral 2022
799

Elekt­rik ulag­la­ry­ny kuw­wat­lan­dy­ry­jy en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­ji «Char­ge­Point» holdingi Ýew­ro­pa­da­ky ba­zar li­der­le­ri­niň ha­ta­ryn­da öňe saý­lan­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da nyrh­la­ry­nyň 9,49% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 13,85 dol­la­ry­na ýet­me­gi-de şa­ýat­lyk ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 4,15 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr.

«Char­ge­Point» söw­da flot­la­ry we şah­sy elekt­rik ulag­la­ry üçin bäs­deş­li­ge ukyp­ly en­jam­la­ryň we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň iň go­wu­sy diý­lip yk­rar edil­di.

Merdan AKMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.