Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar

7 Fewral 2022
1440

Pekin — Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şu gün döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.

www.tdh.gov.tm