Şu gün — 7-nji fewralda Bitarap Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwürde däp bolan türkmen-koreý gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilip, iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şanly senäniň öňüsyrasynda şular barada gürrüň etmek maksady bilen, habarçymyz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin SUNG-ÇUL bilen söhbetdeş boldy. Onuň mazmunyny okyjylarymyza ýetirýäris.
— Jenap ilçi, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy ýetip geldi. Muny biz geçen döwürde özara hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik hasaplaýarys...