Türkmen-hytaý dostluk güli açylmyş

4 Fewral 2022
836

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri şu günlerimizde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Öňki döwürlerde milletara hyzmatdaşlykda uly ähmiýete eýe bolan gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwrebap röwüşde täzeden dikeldilýär, halklaryň dostlukly gatnaşygynyň ösmegine mümkinçilikler artdyrylýar.

Türkmenleriň gadymy döwürlerden bäri ysnyşykly gatnaşyklary saklap gelen halklarynyň biri hem hytaýlylardyr. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde gadymy döwürlerde-de türkmen hem hytaý halklarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň bolandygy barada bellenip geçilýär.

Çemen ANNABERDIÝEWA.