Türkmenistanyň täze teklipleri

3 Fewral 2022
1056

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji «Merkezi Aziýa – Hindistan» sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly sene – diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenendigi bellärliklidir.

Sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine bar bolan ägirt uly kuwwaty hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, sebit we ählumumy meseleleriniň wajyp ugurlary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.