Dost-doganlyk ýollary

17 Ýanwar 2022
839

Ýollar sähralary, daglary, düzleri, derýalary, deňizleri aşyp, ýurtlarydyr illeri biri-birine baglaýar we halklaryň dostlaşmagyna, doganlaşmagyna döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine uly ýardam edýär. Dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Eziz Watanymyz gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda, geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmek bilen, halkara ulag-üstaşyr merkeze öwrülmek üçin zerur bolan ähli şertlere we mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz bu ugurda bar bolan uly mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga çalşyp, ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Şeýle giň gerimli işler ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen geosyýasy arabaglanyşygyny üpjün etmekde, Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, geçmişde dünýä ýurtlaryny birleşdiren möhüm söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşen, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanan Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen ýokary derejeli halkara awtoulag we demir ýollary, şeýle hem halkara howa menzilleri, deňiz porty ýurdumyzyň ulag-logistika döwleti hökmündäki ornuny has-da berkidýär.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.