Döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilýär

14 Ýanwar 2022
984

11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi, ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hanym Lýusia Uaýlda däp bolan türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".