Gatnaşyklar ösdürilýär

12 Ýanwar 2022
966

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 8 — 9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi. Iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi kabul etdi. Eýranyň Lideri EYR-nyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady. Şeýlelikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça geçiren köp sanly duşuşyklary netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklady.

«Aşgabat».