Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi

10 Ýanwar 2022
920

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, birinji Wise-Prezidenti Mohammad Mohber, daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan, daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safri, ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi, şeýle-de Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň zerurdygy, hususan-da, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyldy. Taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny, sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek ulgamynda garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer, senagat, ulag hem-de kommunikasiýalar ugurlarynda, aýratyn-da, halkara we sebitara awtomobil hem-de demir ýol gatnawlary ulgamlarynda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem iki ýurduň arasynda energetika, nebit we gaz, nebiti gaýtadan işlemek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

"Nesil".