Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

7 Ýanwar 2022
1080

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigi bellenildi.

"Nesil".