Türkmenistan ylmy-lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi

6 Ýanwar 2022
1001

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitinde ýylyň jemi jemlenýär, ýakyn geljek üçin esasy wezipeler hem-de bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar, esasy halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlar deňeşdirilýär. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, GDA döwletleri bilen gatnaşyklaryny taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň esasynda guraýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Milli Liderimizi duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan B. N. Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.