Tebigy gazyň akymy artýar

5 Ýanwar 2022
951

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň gaz senagaty çalt depginlerde ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan gözbaş alýan düýpli özgertmeler ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşynyň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berýär. Şeýlelikde, mawy ýangyjy çykarmakda, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmakda uly işler bitirilýär. Tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam edýär.

Tebigy gazyň çykarylyşynda “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Galkynyş” gaz käninde bitirilýän işler has-da guwandyryjydyr. Bu ýerde gaz guýularynyň 45-si hereket edip, olardan bir gije-gündiziň dowamynda bir million 580 müň kub metrden gowrak mawy ýangyç alynýar. Şeýle hem müdirligiň gaz guýularyny ýerasty abatlaýjylary köp ýyllardan bäri gaz berip gelýän guýulary ýokary hilli ýerasty abatlap, olaryň gaz çykaryjylyk mümkinçiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýärler.