Türkmenistanyň «Ekspo» tejribesi: Taryh. Şu gün. Geljek

25 Dekabr 2021
1149

Giň geografik çäkleri gurşap alan koronawirus pandemiýasy saglygy goraýyş ulgamynda bolşy ýaly, halkara gatnaşyklaryň gün tertibine hem düýpli üýtgetmeleri girizdi. Şunda dünýä jemgyýetçiligi bir hakykaty: adamzadyň ösüşiniň diňe bilelikdäki tagallalarda, raýdaşlyk hem jebislik ruhunda jemlenendigini doly ykrar etdi. Şoňa görä-de, tamamlanyp barýan ýylda pandemiýa sebäpli yza süýşürilen ählumumy derejeli iki sany iri çäräniň — Tokioda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegini hem-de Dubaýda «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň guralmagyny adamzadyň umumy öýüniň ähli agzalarynyň bilelikdäki üstünligi hasaplamak bolar. Şeýle ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýan Türkmenistan olaryň ikisine-de işjeň gatnaşyp, öz sözüne ygrarlydygyny anyk hereketlerde ýene bir ýola görkezdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini giňden dabaralandyran Türkmenistan üçin Günüň dogýan ýurdunda geçirilen nobatdaky tomusky Olimpiada ilkinji Olimpiýa medalyny getirmek bilen, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýakyn Gündogaryň ösen döwletleriniň biri hasaplanýan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde bolsa gerimi boýunça Olimpiýa oýunlary bilen deňelýän Bütindünýä «EKSPO» sergisi badalga aldy. 9-njy oktýabrda «EKSPO — 2020-niň» çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bu iri foruma ýurdumyzyň uly ähmiýet berýändigini alamatlandyrýan waka boldy. Dubaýda ýurdumyza wekilçilik edýän hünärmenleriň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň milli gününiň serginiň açylan ilkinji günlerinde geçirilmegi örän bähbitli, çünki hut şol günlerde pawilýonlar has köp adamly bolýar. Belli bolşy ýaly, «EKSPO — 2020-ä» baryp görenleriň sany eýýäm 1 milliona ýetipdir. Munuň özi ýurduň kuwwatyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmek üçinem, täze hyzmatdaşlary tapyp, tejribeleri paýlaşmak üçinem amatly mümkinçilikleri açýar. Aslynda, 170 ýyllyk taryhy bolan «EKSPO» sergileriniň geçirilmeginiň esasy maksatlary hem şularda jemlenen ahyry!

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».