Hoşniýetli ýollar bagta barýar

24 Dekabr 2021
1141

Dünýä döwletleri, hususan-da, sebitiň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de ösüşleri nazarlaýan daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgeleridir. Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolmagy netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýy barha artýar. Ýurdumyz parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezine öwrülýär.

Sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, özara ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan işleriniň rowaçlanýandygyna 28-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitiniň mysalynda hem göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriniň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň hem-de geljekki meýilnamalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we ençeme ylalaşyklar gazanyldy. Munuň özi döwletleriň birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryny has-da baýlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagy netijesinde amala aşdy. Bu duşuşyk gurama agza döwletleriň ählisiniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge itergi berer.

Ýagşygül SARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.