Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

24 Dekabr 2021
1070

22-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Nýu-Delide «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde dialogyň guramaçylyk düzüminiň ösüş mümkinçiligine, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesi taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garaldy.

«Aşgabat».