Möhüm meselelere bagyşlanan brifing

23 Dekabr 2021
1116

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

NýuDelide «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde dialogyň guramaçylyk düzüminiň ösüş mümkinçiligine, ýurtlaryň arasynda söwdaykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesi taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garaldy.

«Mugallymlar gazeti».