Pagta arassalaýjy kärhanada

22 Dekabr 2021
1117

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, täze ösüşlere eýe bolnup, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan ýokary netijeler hem muňa mysaldyr. Ata Watanymyzda senagat kärhanalarynyň işiniň güýçli depginler bilen öňe gitmeginde ýurdumyzda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalaryň goşandy uludyr. Bu kärhanalar daýhanlardan kabul edilen “ak altyny” süýüm edip taýýarlaýar. Şeýle pagta arassalaýjy kärhanalaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň pagta arassalaýjy zawodydyr. Kärhana guramaçy, işbaşarjaň ýolbaşçy Şatlyk Gurbannazarow başlyklyk edýär. Zawodyň daş-töweregi döwrebaplaşdyrylyp, bu ýerde işler guramaçylykly barýar.

Pagta arassalaýjy zawodyň işgärleri ýerine ýetirýän işlerine oňat düşünýärler. Zawodda enjamlar bökdençsiz, saz hem gurat işledilýär we çig mal bolan gymmatly pagtamyz tehniki enjamlarda tüýdülip, çigitleri aýratynlykda bölünip saýlanylýar. Şondan soň pagta süýümi belli bir ölçegde kiplenilip, enjamlar arkaly ugradylýar. Soňra kipleriň agramy ölçelip, daşyna agramy ýazylýar. Şeýle iş günüň dowamynda togtadylman hereketde bolýar.