Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatdaşlyk ýoly bilen

21 Dekabr 2021
1035

Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady ösüşiniň, durmuş abadançylygynyň we daşky gurşawyň goragynyň birek-birekden üzňe bolmadyk bitewüligi emele geldi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarynda ekologiýa ugrunyň ileri tutulmagyna uly üns gönükdirmek bilen, bu ugurda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Halkara giňişliginde adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda ýüze çykýan meseleleri ykdysady-durmuş ösüşleriniň, parahatçylygyň hem howpsuzlygyň meseleleri bilen birlikde toplumlaýyn çemeleşmäniň esasynda çözmek möhüm wezipe hökmünde öňe çykdy. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz dünýä bileleşiginiň agzalary bilen hyzmatdaşlykda, ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmegiň merkezi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde häzirki zaman ählumumy meseleleri çözmäge döredijilikli gatnaşýar.

Häzirki zaman şertlerinde howanyň üýtgemegi, onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete, jemgyýete ýetirýän täsirlerini öwrenmek we azaltmak möhüm ählumumy meseleleriniň birine öwrüldi. Bu meselä aýratyn üns berilmegi onuň adamzadyň abadançylygynyň örän möhüm ugurlaryna güýçli täsir edýändigi bilen düşünilýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça sebitara merkeziniň döredilmegi baradaky teklibi hem ilkinji nobatda, bu meselä toplumlaýyn çemeleşmek arkaly sazlaşykly ösüşiň sebitleýin utgaşdyrylmagyny nazarlaýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler milli ykdysadyýetimiziň ösüşini berkitmäge niýetlenilip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, tehnologiýa ylymlaryny, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de howanyň üýtgemegi boýunça çäreleri pudaklaýyn meýilnamalara goşmagyň hasabyna ýurdumyzyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi beriji güýç bolup hyzmat edýär.

Jeren ALTYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.