Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

21 Dekabr 2021
1122

Aşgabat, 20-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.