«Plug Po­wer» bi­len «Edi­son Mo­tors» şert­na­ma bag­laş­dy

19 Dekabr 2021
982

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň elekt­rik aw­tou­lag ön­dür­ýän «Edi­son Mo­tors» kom­pa­ni­ýa­sy wo­do­rod ýan­gyç ele­ment­le­ri­niň kö­me­gi ar­ka­ly iş­le­ýän şä­her elekt­rik aw­to­bu­sy­ny iş­läp düz­mek we ba­za­ra çy­kar­mak mak­sat­ly, Ame­ri­ka­nyň «Plug Po­wer» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Bu şert­na­ma, 2022-nji ýyl­da «Plug Po­wer»-iň kuw­wat­ly­ly­gy 125 kWat-lyk «Pro­Gen» wo­do­rod ýan­gyç ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan «Edi­son Mo­tors» şä­her elekt­rik aw­to­bu­sy­ny dö­ret­me­gi öz içi­ne al­ýar. «Edi­son Mo­tors» «SMART 110F» di­ýip at­lan­dy­ry­lan elekt­rik aw­to­bus­la­ry­ny köp­çü­lik­le­ýin ön­dür­mek­çi bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, kom­pa­ni­ýa­lar gel­jek­de elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­de iş­le­jek ýük aw­tou­lag­la­ry, sü­rü­ji­siz uçar­la­ry, gä­mi­le­ri iş­läp düz­mek we ön­dür­mek me­ýil­na­ma­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk eder­ler. 

Taýýarlan: Şasenem SAPARMURADOWA,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy.