Dost-doganlyk ýörelgelerine eýerip

17 Dekabr 2021
850

Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma we hojalyk harytlaryndan hem-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegi ýetirildi. Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine düýpli goşant goşýar, dostlukly döwlete abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda yzygiderli ýardam berýär. Şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugratmak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama goňşy Owganystana ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etmek maksady bilen gol çekildi. Resminama laýyklykda, dürli maksatly, hususan-da, Türkmenistanda öndürilen dokma we azyk önümlerinden, şeýle hem nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi üpjün edildi.

Ynsanperwerlik ýüküni gowşurmak dabarasyna ýurdumyzyň wekilçilikli topary, owgan tarapyndan ýokary wezipeli adamlar gatnaşdylar. Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki kabul etmäge gatnaşan goňşy ýurduň ilaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dabara tamamlanandan soň, Owganystanyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan täze metjitde hem-de Turgundy şäherçesinde sadakalar berildi.

«Aşgabat».