Ynsanperwerligiň asylly ýörelgesi

16 Dekabr 2021
955

Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine düýpli goşant goşýar, dostlukly döwlete abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda yzygiderli ýardam berýär.

Şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugratmak hakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy ýurda dürli maksatly, hususan-da, Türkmenistanda öndürilen dokma we azyk önümlerinden, şeýle hem nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi üpjün edildi.

«Mugallymlar gazeti».