Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyk

16 Dekabr 2021
892

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Toparyň ýolbaşçylary mejlisi açyp, deňhukukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de artýan depginini kanagatlanma bilen nygtadylar. Taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Şunda eksport-import amallaryny artdyrmaga we iberilýän harytlaryň hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge, maýa goýumlar babatda gatnaşyklary ösdürmäge iki döwletiň ykdysadyýet edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça goşmaça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi. Senagat, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar beýan edildi. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar bu babatda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Iki ýurduň halklaryny birek-biregiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri guramagy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Sport we syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.