Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

15 Dekabr 2021
1003

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda eýran tarapynyň başlangyjy boýunça telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Eýranyň Lideri EYR-nyň ýurdumyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny şertlendiren parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklady. Milli Liderimiz gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny, hyzmatdaşlygyň sazlaşykly we okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

"Nesil".