Baş maksat — sebitde ykdysady gatnaşyklary ilerletmek

30 Noýabr 2021
1228

28-nji noýabrda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti, sözüň doly manysynda, sebitara hyzmatdaşlykda bitirilen işlere syn bermek, umumydünýä ösüşiniň häzirki meýilleri bilen baglylykda, öňde durýan anyk wezipeleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin pikir alyşma meýdançasy bolup hyzmat etdi. Gurama agza döwletleriň Aşgabat duşuşygyna gatnaşan döwlet ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň giň toplumyny öz içine alan çykyşlary hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar.

Biz möhüm wakanyň yzysüre onuň jemlerine bagyşlap, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».